Erkin Ses Türkmen kanalynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginde bu gezek Eýrandaky we Owganystandaky Türkmenleriň ene diline täsir edýän arap ýazuwy betbagtlygy barada söz açylýar. Golaýda Owganystanda Türkmen diliniň ene dili höküminde ykrar edilmegine 17 ýyl boldy we bu möhüm waka dürli çäreler bilen bellenip geçildi. Eýrandaky Türkmensähra Türkmenleriniň tejribelerinden görelde alyp Owganystanyň Türkmenleri öz ene dili ýazuwy hakynda nähili öňegidişlikleri durmuşa geçirip biler? Başgaça aýdylanda arap ýazuwynyň Türkmen edebi diliniň ösmegine döredýän päsgelçiliklerine döwrebap görnüşde nähili çözgütler tapyp bolar? Söhbetdeşligiň 1-nji bölüminde häzir Berlinde ýaşaýan Türkmensähraly aktiwist Ýusup Gor öz pikirdir-tejribelerini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gepleşigimiziň 2-nji bölümde bolsa Owganystandaky Türkmen hereketiniň baştutany Kemal Güneş we žurnalist Paýzylla Türkiň hem goşulmagynda geçirilen söhbetdeşlige tomaşa edip bilersiňiz. Erkin Ses kanalyna ýazylyň, goldawçylara goşulyň we buşkuk jaňyny hem açyň.
Etiketler:Dünýä Türkmenleritürkistanturkmentürkmenistanturkmenistantürkmenlerturkmenswatan habarlary