Perşembe, 21 Kasım, 2024

wp menus'den En Üst Menünüzü Seçin

TÜÝDÜK

Tüýdük- Türkmen saz gurallarynyň bir görnüşi. Ol iki hili bolýar.

GARGY TÜÝDÜK- Gargy tüýdük suwy çekilen derýalaryň, ýaplaryň boýlarynda bitýän gargydan edilýär. Ol köplenç 7 bogunly gargydan ýasalýar. Onuň uzynlygy 750-800 mm bolup, üstünde 6, aşagynda 1 ses deşigi bolýar. Sesiň owazly çykmagy, üflemek üçin amatly bolar ýaly, gargy tüýdügiň üflenýän ujuna demir müşdük geýdirilýär. Ol alynky dişlere degrilip saklanylýar we diliň üstünden güýçli dem akymy bilen üflenilip çalynýar.

DILLI TÜÝDÜK- Dilli tüýdük bir bogunly gamyşdan uzynlygy 150-160 mm edilip ýasalýar. Gamşyň ýüzünden kesilip diljagaz edilýär. Üflenende, şol diljagazyň yrgyldysy arkaly ses çykarýar. Dilli tüýdügiň 3-4 ses deşigi bolýar.

T.S.Enziklopediýadan alyndy

gaynak: türkmen kultur ojagy

Yazar Hakkında

Benzer yazılar